milli goshun logo
Türkmenistanyň gallaçylary şetnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň gallaçylary şetnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
28.06.2019 394 Habarlar

27-nji iýunda edermen türkmen daýhanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watan harmanyna guşgursak azyklyk bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, uly zähmet ýeňşi barada hasabat berdiler.

25-nji iýunda ýurdumyzda ilkinjiler bolup Ahal welaýatynyň gallaçylary däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Şol günüň ertesi Mary welaýatynyň ekerançylary şeýle üstünlik barada hasabat berdiler.

27-nji iýunda Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary hasabat berdiler. Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri Watan harmanyna 350 müň tonnadan gowrak, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary 300 müň tonnadan gowrak, Balkan welaýatynyň gallaçylary 120 müň tonnadan gowrak ýokary hilli azyklyk bugdaýy tabşyrdylar.