08.03.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýy barha artýar
Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýy barha artýar
18.01.2021 158 Habarlar

Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri boýunça türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Şonda şaýatlara mälim bolşy ýaly, Ýulduz altyn medala tarap ynamly gadam urupdy. Şonuň üçin eminleriň çözgüdi türgen gyzymyzy we janköýerleri örän gynandyrdy. Emma adalatlylyk diýseň-diýmeseň dabaralandy.

Ýaňy-ýakynda bolsa 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seretmegiň hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda türgen gyzymyza altyn medalyň gowşurylýandygy barada hoş habar gelip gowuşdy. Mundan başga-da, türgenimiz itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi.