11-nji dekabrda Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk»
atly ylmy maslahat geçirildi.
Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk
derejesine eýe bolmagynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan foruma Mejlisiň hem-de
diplomatik düzümiň wekilleri, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik
düzümleriniň hem-de iri halkara guramalarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa
institutynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň
professor-mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Daşary ýurtly diplomatlaryň belleýşi ýaly,
dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de
giňeltmegi ugur edinýän halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirýän
Türkmenistan öz Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda syýasy,
ykdysady we medeni mümkinçiliklerini ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly
ösüşiň bähbidine doly ulanýar.
Çykyş edenler milli Liderimiziň öňe sürýän döredijilikli teklipleriniň zerurdygyny belläp, olaryň esasynda häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça BMG-niň Kararnamalarynyň 13-siniň kabul edilmeginiň munuň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi aýratyn bellenildi.