milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.12.2018 1142 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem milli Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar özlerine ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň milli howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmek, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň kepilini üpjün edýän goşunyň ýokary goranyş ukybyny saklamak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi, Ol milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy, konstitusion gurluşy goramak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň öňünde durýan beýik maksatlary üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolan durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, agzybirligi we bitewüligi saklamak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyny belledi. Ýaragly Güýçleriň ähli düzümleriniň ýokary hünärli serkerdeler bilen üpjünçiliginiň wajypdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhda terbiýelenilmegi, esgerleriň we serkerdeleriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly çäreler amala aşyrylmalydyr.

Içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeliligi, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, düzgün bozmalaryň öňüni almak, şol sanda ulag ýollarynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr ýurdumyzda neşekeşlik boýunça düzgün bozanlaryň we beýleki jenaýat edenleriň bir toparynyň ele salnandygyny, olaryň eden etmişlerine görä jenaýat işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Ýurdumyzda ýazgarylýan neşe söwdasyna baş goşup, ele düşenleriň, şeýle hem galp söwda arkaly baýamak islänleriň eden etmişlerine görä jeza çärelerini çekjekdiklerini aýdyp, ministr bu ugurda ähli hukuk goraýjy düzümler bilen bilelikde iş alnyp baryljakdygyny ynandyrdy.

Kanunylygyň we hukuk tertibiniň saklanmagynyň demokratik we hukuk döwletiniň pugta binýady bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň işine täzeçil usullary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz ministrligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde neşekeşlige asla ornuň bolmaly däldigini aýdyp, bu ugurda ýüze çykýan düzgün bozmalara garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylmalydygyny, jenaýatyň islendik görnüşi bilen meşgullanýanlaryň degişli jeza çäresini almagy babatda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, neşeleriň bikanun söwdasynyň ýaramaz ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýandygyny, şonuň üçin bu işe baş goşanlaryň degişli jezalaryny çekmekleri, mundan beýläk-de diňe bir neşe söwdasy däl, eýsem, islendik galplyga we jenaýatçylygyň ähli görnüşlerine tutuş halkymyzyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleriniň tagallalary arkaly örän netijeli göreş alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. 

 

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň milli goşunynyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň parahatçylykly we döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça zerur işleri ýerine ýetirýän ähli düzümleriň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ähli bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmeginde harby düzümlere möhüm ornuň degişlidigini belläp, Watana we halkymyza wepaly gulluk etmek ýaly harby borjuň ak ýürekden ýerine ýetirilmelidigini aýtdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny belledi. Umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna doly laýyk gelýän giň möçberli işler kanunçylygyň ygtybarly binýady bolup durýar.

Hökümetimiziň kabul edýän çözgütlerini üstünlikli durmuşa geçirmekde bu düzümiň işgärlerine ägirt uly jogapkärçiligiň düşýändigini adyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny gyşarnyksyz berjaý etmek ýörelgesine eýermek bilen her bir işiň düýpli seljerilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz kazylaryň hünär derejesini yzygiderli esasda ýokarlandyrmagy tabşyryp, kazyýet mejlisleriniň ýokary hil derejesiniň we aýanlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň 11 aýynda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işlerine, ýurdumyzda kanunylygyň we hukuk düzgüniniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan jogapkärli wezipeler barada aýtdy. Kanunlaryň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagynyň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda Baş prokurora görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Watanymyzyň çäklerini goramak we döwrebap talaplara laýyklykda serhet galalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri barada hasabat berdi.

Serhetçileriň öňünde durýan wezipeleriň juda wajypdygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş serhetçileriň söweşjeň taýýarlygyny we watansöýüjiligini ýokarlandyrmak, üstünlikli gulluk etmegi, döwrebap derejede ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça zerur işleriň dowam etmelidigini aýtdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, olaryň işini kämilleşdirmek, serhetden geçýän ýüklere has ygtybarly gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap enjamlary ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň tutuş Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm merkezine öwrülýändigini nazara alyp, gümrük gullugynyň işgärleriniň wezipeleriniň örän jogapkärlidigini belledi.

Adalat ministri B.Muhammedow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligini guramagyň çäklerinde geçirilýän geňeşmeler arkaly hereket edýän kanunçylygy ilat arasynda düşündirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça hukuk taýdan esaslandyrylan teklipleriň öňe sürülmegi bu edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Hereket edýän kadalaşdyryş namalaryny we dünýäniň öňdebaryjy kanunçykaryjylyk tejribesini nazara almak bilen, täze hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň we ony kabul etmegiň möhümdigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläniň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, migrasiýa gullugynyň ähli düzümleriniň işiniň Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň anyk hasabatynyň üpjün edilmegine gönükdirilmelidir. Soňky ýyllarda paýtagtymyz sebitara we halkara derejesinde möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň migrasiýa çärelerini geçmekleri üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän şertleri döretmek boýunça anyk tabşyryklary berdi we bu meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýgulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeliligi, korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimize zyýan ýetirýän ykdysady jenaýatlaryň ähli görnüşlerini ýüze çykarmak, öňüni almak we barlamak işleriniň bu gullugyň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň milli kanunçylyga laýyk gelmelidigini aýdyp, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy gullugyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça düzümiň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.