milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.03.2025 216 Habarlar

Düýn – 5-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, serkerdeleriň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.