5-nji iýulda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren
işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri
tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz
döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de
olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy
edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamalaryny tassyklamak
hakynda degişli resminamalara gol çekdi. Bu maksatnamalar döwletimizde
parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine gönükdirilendir hem-de hemişelik
Bitaraplyk syýasatyndan ugur alnyp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň
talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.