milli goshun logo
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.06.2019 523 Habarlar

5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hasabat döwründe alnyp barlan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, esgerleriň we serkerdeleriň döwrebap gulluk etmegi we ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdiler.