30-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda harby we hukuk goraýjy
edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy,
ýakyn geljek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de mejlisiň
gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, bu
düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek
meseleleri girizildi.