2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda harby
we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de
mejlisiň gün tertibine garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de asudalygy üpjün
etmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň
işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler bilen
baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary
diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini,
iň häzirki zaman tehnikalarynyň we enjamlaryň satyn alynýandygyny,
serkerdeleriň, esgerleriň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlanýandygyny nygtady.
Munuň özi Milli goşunymyzyň harby kuwwatynyň, harby gullukçylaryň söweşjeň
ussatlygynyň gözden geçirilişi bolup durýan bilelikdäki görkezme-taktiki
okuwlaryň barşynda-da ýüze çykýar. Görülýän ähli anyk çäreler Watanymyzyň
howpsuzlygyny, onuň mukaddes serhetleriniň goralmagyny üpjün etmäge
gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de harby we
hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
mejlisi jemläp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bitaraplyk hukuk derejesine pugta
ygrarlydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary
we halklary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli
saklaýandygy bellenildi. Şu ýörelgelere esaslanyp, Harby doktrinamyz diňe
goranyş häsiýetine eýedir, şoňa laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
düzümleri mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş
ukyby pugtalandyrylar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Harby gullukçylaryň
we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini yzygiderli
gowulandyrmak boýunça mundan beýläk-de uly işleriň amala aşyryljakdygyna,
serkerdeleriň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikleriň dörediljekdigine
aýratyn üns çekildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki
meselelere-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.