1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly
Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy
edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garamak
meseleleri, ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy mundan beýläk-de üpjün
etmek boýunça bu düzümleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler girizildi.