5-nji
maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini
geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda
ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek
üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Gün tertibine Garaşsyz döwletimizde
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de olaryň işini
has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly we käbir beýleki meseleler girizildi.