12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk
goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň
netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak
boýunça görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
mejlisiň ahyrynda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin işiniň
esasy ugurlaryny kesgitledi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy, parahatçylyk
söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlygy döwlet
syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde yglan etmek bilen, diňe goranyş häsiýetine
eýe bolan hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan
durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün etmäge
gönükdirilen Harby doktrinany durmuşa geçirýär.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda amala
aşyrylýan özgertmeler hem şu maksatlara gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň mundan beýläk hem dowam
etdiriljekdigini belläp, harby özgertmeleriň durmuş meseleleriniň Hökümetiň
hemişe üns merkezinde boljakdygyny nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki
möhüm meseleleriň hem birnäçesine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ata Watanymyzy goramak işinde üstünlikleri arzuw etdi.