4-nji martda
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda
ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem olaryň işini has-da
kämilleşdirmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp
maslahatlaşyldy.