1-nji aprelda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň geçen üç aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler kesgitlenildi hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi.