Düýn – 6-njy iýunda Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar – maý aýlarynda ýerine
ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine
Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe harby
özgertmeleriň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri, şol sanda Milli goşunyň
goranyş ukybyny berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda
görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylary gullukdan
boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy, Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly harby ýörişe
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Mundan başga-da, ýakynda geçirilen
harby okuw meýdan türgenleşiginiň netijeleri hakynda aýdyldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.