5-nji maýda Balkan
welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu
ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we
hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň
jemlerine garaldy, şeýle hem geljek üçin ileri tutulýan wezipeler
kesgitlenildi.