8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň
netijeleri, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler, Garaşsyz döwletimizde
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen
baglanyşykly meseleler girizildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary ýolbaşçylyk edýän
düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada
hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary
diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby
doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepilidigini
nygtady. Şunuň bilen baglylykda, degişli görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etegindäki
ajaýyp künjekleriň birinde gurluşygy alnyp barylýan täze atçylyk toplumyna
bardy.
Bu ýerde içeri işler ministri hormatly
Prezidentimize toplumyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan athanada ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berip, degişli desgalaryň taslamalaryny
görkezdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olar babatda degişli
belliklerini aýtdy hem-de atçylyk toplumynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynda
dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütleriň milli
binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydygyny belläp, degişli tabşyryklary
berdi.