Şu gün
paýtagtymyzda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara
maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary
birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Maslahata
Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk
we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara
guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň,
Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzda
ekologik abadançylygy üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy
başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa
geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen
baglylykda, Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Milli tokaý
maksatnamasynyň çäklerinde degişli işler amala aşyrylýar. Şunda ýer we suw
serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna, daşky gurşawy goramaga, ekologik taýdan
arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ilatyň ekologik
medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Maslahatyň
dowamynda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, oba
hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen,
ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Pudaga
«ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik
abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Bu ugurda ýurdumyzda degişli işler
alnyp barylýar. Hususan-da, Türkmenistanyň ýer-suw serişdeleriniň
mümkinçilikleri pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmekde uly orna eýedir. Şunuň
bilen baglylykda, ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmagyň, öňdebaryjy
tejribäni ornaşdyrmagyň, tohumçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
giňeltmegiň, topragy goraýjy tehnologiýalardan peýdalanmak babatda özara
gatnaşyklary utgaşdyrmagyň wajypdygyna üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda,
ugurdaş ylmy-barlag edaralary tarapyndan ekinleriň Türkmenistanyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän hem-de gurakçylyga durnukly, ýokary hasyl berýän täze
tohumlaryny döretmek, olary önümçilige ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa
geçirilýär. Munuň özi ekologik deňagramlylygy saklamaga, üýtgeýän şertlere
uýgunlaşmaga ýardam berýär.
Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba
hojalyk ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk
boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginden ýiti
täsirlenýän ekoulgamlarda ýer serişdelerini dikeltmek üçin utgaşykly
çemeleşme”, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda
“Amyderýa, Zarafşan we Panj derýalarynda suw serişdeleriniň toplumlaýyn
dolandyrylyşyny berkitmek”, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi
bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň
(FAO) arasynda “Howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin
Türkmenistanyň oba hojalygynda tebigat nukdaýnazaryndan oňaýly özgertmeleri
çaltlandyrmak” hem-de “Pariž ylalaşygyna laýyklykda aýdyňlygyň giňeldilen
çäklerini berjaý etmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek” atly
taslama resminamalaryna gol çekildi.