Düýn
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow, Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş
we halas ediş işleri baş müdirliginiň binasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, howpsuzlygyň
hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi, bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
mundan beýläk hem pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şeýle
hem bu düzümleriň 2019-njy ýylda öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeler hem-de
esasy çäreler kesgitlenildi.
Mejlisden soňra
döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan Watan
goragçylarynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň agzalary milli Liderimize parahatçylyk, abadançylyk,
hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine
esaslanýan syýasaty, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek babatda şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler.
Milli
Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň
işini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi we olaryň
maşgalalarynyň göwnejaý ýaşamagy üçin mynasyp şertleri üpjün etmek barada
yzygiderli alada etjekdigini belläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
ýolbaşçylaryny ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli ýene-de bir
gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.