Şu gün
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin
göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan
2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu
düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi.
Ol geçen ýylyň dowamynda “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 —
2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilen işler, Milli
goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň
gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barlan
işler barada hasabat berdi. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän
harby gullukçylary gullukdan boşatmak, Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga
çagyrmak babatda geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barlandygyny, Milli
goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, ýurdumyzyň goranmak ukybyny
pugtalandyrmak ugrunda degişli işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda hem Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçlerini kämilleşdirmek we ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça, şeýle-de harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk
şertlerini has-da gowulandyrmak, olaryň hünär taýýarlygyny we bilimini
kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary
berdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Watanymyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl
dolýandygyny göz öňünde tutup, bu baýrama hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek
babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Baş prokuror
B.Muhamedow prokuratura edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy tejribäni
ornaşdyrmak arkaly bu düzümiň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek,
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala
aşyrmak, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak
boýunça işler alnyp baryldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimizde kanunlaryň
ýerine ýetirilişine, hukuk namalarynyň kanunylygyna, hukuk bozulmalarynyň
öňüniň alynmagyna prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagynyň möhüm ähmiýetini
belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Içeri işler
ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan 2025-nji ýylda
ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň
öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň we ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý
edilişine gözegçilik etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda asudalygy, jemgyýetçilik tertibini
üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol gözegçilik gullugynyň işine
öňdebaryjy tejribäni we sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni
almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň
bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy içeri
işler edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmagyň wajyp ähmiýetini
belläp, bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň
başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan geçen ýylda alnyp
barlan işleriň netijeleri, hususan-da, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň
maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, kazylaryň hünär derejesini
ýokarlandyrmak, kazyýet işine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak
boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň
goraglylygyny üpjün etmegiň kazyýet edaralarynyň esasy wezipesi bolup
durýandygyny belledi we bu wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň
möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kazylaryň we kazyýet
işgärleriniň hünär bilimini ýokarlandyrmagyň, bu ugurda öňdebaryjy tejribä
esaslanmagyň, kazyýetleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň,
sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, kazyýet işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny
aýtdy we Ýokary kazyýetiň başlygyna anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen bir
hatarda, ilatyň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat
işlerini yzygiderli alyp barmak babatda tabşyryklar berildi.
Milli howpsuzlyk
ministri N.Atagaraýew 2025-nji ýylda ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we
jemgyýetçilik hukuk tertibini üpjün etmek hem-de düzümiň öňünde goýlan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli
howpsuzlygyny, döwletimiziň ösüşini üpjün edýän milli bähbitleri goramagyň
ministrligiň öňünde durýan möhüm wezipelerdigini aýtdy we bu işleri netijeli
dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu düzümiň
edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrebap
derejede kämilleşdirmek, ministrligiň işgärleriniň hünär bilimini artdyrmak
boýunça degişli işleri alyp barmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet serhet
gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan geçen ýylda
alnyp barlan işleriň netijeleri, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk, ýaşaýyş-durmuş
şertlerini döretmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar
toplumynyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň
gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlendigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ý.Nuryýewi, başga işe geçmegi sebäpli,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Hormatly
Prezidentimiz bu wezipä I.Ilamanowy belläp, ony Döwlet serhet gullugynyň
başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
I.Ilamanow harby
kasama wepalylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip,
halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize ygrarlylyk barada dabaraly kasam
etdi.
Döwlet
Baştutanymyz gullugyň täze wezipä bellenilen ýolbaşçysyna işinde üstünlik arzuw
edip, öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi we ýurdumyzyň goranyş
häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, dost-doganlyk
serhetlerimiziň goragyny üpjün etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri,
döwrebap tehnikalary ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi. Hormatly
Prezidentimiz serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli
döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Adalat ministri
M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça 2025-nji ýylda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de raýatlaryň
hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ilata degişli
hukuk kömegini bermek babatda alnyp barlan işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, taýýarlanylýan hukuk namalarynyň taslamalarynyň
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we hereket edýän kanunlara laýyk gelmegini
üpjün etmegiň, ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmak boýunça
wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň, bir bitewi elektron maglumatlar ulgamyny
döretmek ugrunda degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu
babatda anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet gümrük
gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew geçen ýyl bu düzümiň işine täze
tehnologiýalary hem-de üstaşyr geçýän ýüklere gözegçiligi amala aşyrmakda
häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň netijeleri, gullugyň işgärleriniň hünär
derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük gözegçiliginiň has-da
ygtybarly bolmagyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda
döwrebap enjamlaryň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň,
gümrük nokatlarynyň geçirijilik kuwwatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda
ýokarlandyrmagyň we işgärleriň hünär bilimini artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy we
bu ugurda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet migrasiýa
gullugynyň başlygy A.Sazakow 2025-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan
alnyp barlan işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklaryna laýyklykda, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek hem-de bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gullugyň işini has-da
döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, kämil maglumat tehnologiýalaryny
ornaşdyrmagyň, bu düzümiň işgärleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmakda
yzygiderli okuwlary guramagyň, migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine
gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji
ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilip geçilýändigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes
Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny
ygtybarly goramagyň, kanunçylygy üpjün etmegiň, adamyň we raýatyň hukuklaryny,
azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramagyň
Watan goragçylarynyň mukaddes borjudygyny belläp, olaryň bu borjy ak ýürekden,
yhlas bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi hem-de mejlise
gatnaşyjylary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby
gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga,
howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge goşan şahsy
goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny, işgärlerini döwlet
sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär
derejelerini bermek barada karara gelendigini aýdyp, degişli Permanlara gol
çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini
ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan
goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu
işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy
we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk,
halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli
gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.