Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat
geçirildi.
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan
daşary syýasat strategiýasy parahatçylyk söýüjiligiň, netijeli halkara
hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy bolup durýar. Her ýyl Diplomatik işgärleriň
gününiň baýram edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan dünýä
giňişliginde alnyp barlan giň möçberli işleriň netijelerini jemlemäge
mümkinçilik berýär. Bu gün türkmen diplomatiýasy diňe bir döwlet bähbitlerini
goramagyň guraly bolman, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem möhüm
şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli
Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň
diplomatik işgärlerine aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Ählumumy howpsuzlyk
arhitekturasynyň üýtgäp durýan häzirki şertlerinde döwletimiz “Dialog —
parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny işjeň ilerledýär. Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç döwletleriň arasynda ynanyşmak medeniýetini
pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
...Ilki bilen, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda
hereket edýän diplomatik wekilhanalar we halkara guramalar tarapyndan guralan
sergini synladylar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli
iberen Gutlagy okaldy.
Soňra
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredow maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzyň oňyn
Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk
ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny alyp barmak bilen,
jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara giňişlikde eýeleýän abraýly
ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny belledi.
BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite
wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze türkmen diplomatlaryny hünär baýramçylygy
bilen tüýs ýürekden gutlap, milli bähbitleri goramakda we ählumumy
parahatçylygy pugtalandyrmakda olaryň alyp barýan işiniň uly ähmiýetini
belledi.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý
Şlapaçenko sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde türkmen
diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtap, diplomatlaryň hünär baýramçylygynyň
gündelik zähmeti bilen halkara dialogy pugtalandyrmaga, özara hormat goýmak
hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk filosofiýasyny
ilerletmäge goşant goşýan türkmen diplomatlarynyň ýokary ussatlygynyň ykrar
edilmeginiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.
Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan öz çykyşynda 18-nji fewralyň
milli bähbitleri goramak, ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak boýunça
diplomatik gullugyň amala aşyrýan ýokary wezipesini alamatlandyrýandygyny
belledi.
Beýik Britaniýanyň
we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon diplomatik gulluga berýän ünsi
üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk
syýasatynyň ähmiýetini belledi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky
wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni häzirki döwrüň ýaş diplomatlara hünär
başarnyklaryny durmuşa geçirmek hem-de öz ýurdunyň ösüşine işjeň gatnaşmak üçin
uly mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Ol ynanyşykly gatnaşyklary ýola
goýmak, özara düşünişmek sungatynyň diňe adamlara mahsusdygyny nygtap, hiç bir
tehnologiýanyň şahsy dialogy we hyzmatdaşlyk gymmatlyklaryny çalşyp
bilmejekdigine ynam bildirdi hem-de ýaş diplomatlara üstünlikleri arzuw etdi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň
ýaş işgärlerini, şeýle-de institutyň gutardyş ýyl talyplaryny Daşary işler
ministrliginiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy boldy. Şeýle hem institutyň
talyplarynyň ýerine ýetirmeginde baýramçylyk konserti geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.