milli goshun logo
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara ylmy maslahat
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli halkara ylmy maslahat
2 gün öň 82 Habarlar

Düýn — 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Institutyň eýwanynda türkmen diplomatiýasynyň, bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň taryhyna bagyşlanan sergi guraldy. Onda daşary döwletleriň ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň diwarlyklaryna hem orun berlipdir.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikleri oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasat halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar. Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, halkara we sebit düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.