10-njy iýulda Türkmenistanyň DIM-de Daşary
işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSGG-nyň Ýewropa
Sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleri bilen
duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti
COVID-19 garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň
çäklerinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çäreler we hereketler bilen tanyşmak
hem-de olara syn bermek maksady bilen Türkmenistana geldi.
Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow
Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen köpýyllyk
hyzmatdaşlygynyň işjeňligini hem-de netijeliligini nygtady we türkmen tarapynyň
BSGG-nyň berýan maslahatlaryna gyşarnyksyz eýerýändigini hem belläp geçdi.
Şunuň bilen birlikde, pandemiýa garşy gönükdirilen ähmiýetli göreşde
Türkmenistanyň halkara hem-de sebit derejesinde köpugurly hyzmatdaşlyga hemmetaraplaýyn
taýýarlygyny ýene-de bir gezek tassyklady.