milli goshun logo
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi
06.03.2020 774 Habarlar

5-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky brifing geçirildi.

Brifingiň barşynda ýiti wirusly ýokanç keselleriň, hususan-da COVID-19 koronawirusynyň ýurda aralaşmagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow dagylar çykyş etdiler.  

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurtda howply ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça zerur bolan çäreleriň ählisiniň durmuşa geçirilýändigi aýratyn nygtalyp geçildi. Bu hereketler Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň nazarda tutulmagynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda alnyp barylýandyr.   

Öň hem habar berlişi ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary döredildi. Brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanda koronawirus keseliniň ýa-da onuň alamatlarynyň hiç bir hadysasynyň hasaba alynmandygy barada habar berildi.

Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň epidemiologiki gözegçiliginiň giňeldilmegi bilen birlikde ilatyň öz wagtynda habardar edilmeginiň hem-de okadylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýändigi aýratyn nygtalyp geçildi. Ýurtda zerur bolan dermanlar we lukmançylyk maksatly serişdeler bilen üpjünçilik babatynda gaýragoýulmasyz çäreler durmuşa geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerüsti, demir ýol, howa we deňiz ulag görnüşleriniň netijeli hem-de bökdençsiz hereket etmegi üçin zerur bolan çäreleriň ählisini amala aşyrýandygy aýratyn bellenilip geçildi.

Soňra duşuşyk «sowal-jogap» görnüşinde dowam etdirildi. Brifingiň barşynda oňa gatnaşyjylar türkmen tarapyna şu çäräni geçirendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler we şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň bu meselä jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtadylar.