16-njy dekabrda «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn
ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny
kämilleşdirmek» atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy
geçirildi.
Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri
Raşid Meredow gol çekdi.
BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik
utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi.
Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny
kämilleşdirmek we bu ugurda BMG-niň düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek
boýunça işleri alyp barmagy göz öňünde tutulýar.
Taslama Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň
milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen
bilelikdäki işleriniň çäklerinde amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan global Durnukly
ösüş maksatlaryny hökümet derejesinde kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir.
Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlary Türkmenistanyň milli syýasatynda düýpli
ornaşdyrylandyr we häzirki wagtda DÖM-nyň köp meseleleri ýurdumyzda durmuşa
geçirilýän milli we pudaklaýyn maksatnamalarda öz beýanyny tapdy.
Gol çekilen bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramlary bilen BMG-niň degişli edaralarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny berkitmekde we giňeltmekde hukuk esasyny döreder.