27-nji aprelde DIM-de ÝB-niň ýurdumyzdaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen geçirilen
duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky
köpugurly hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine garaldy.
Adatdan daşary
ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek boýunça
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi esasy ara alnyp
maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklar üçin döwletimiziň alyp barýan
açyklyk syýasatyna ýokary baha bermek bilen, Diýego Ruiz Alonso Ýewropa
Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň täze Strategiýasynyň maksatlarynyň
hem-de wezipeleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen has-da netijeli
hyzmatdaşlyga umyt bildirýändigini aýtdy.