28-nji aprelde Daşary işler ministrliginde
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen
sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen onlaýn –duşuşygyň barşynda Türkmenistan
bilen ÝB-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Ýewropa
Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň maksatlaryna hem-de
wezipelerine aýratyn üns berildi. Onda howpsuzlyk hem-de söwda-ykdysady, ulag
we energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy
ösdürmek göz öňünde tutulýar.