2021-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy Radik Batyrşin bilen duşuşdy. Bu barada DIM-niň saýty habar berdi.
Duşuşykda uzak möhletleýin iş ýüzündäki gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanda «Mir» DTRK-nyň habarçylar bölümini açmagyň, okuw sapaklaryny geçirmegiň we tejribe alyşmagy guramagyň mümkinçiliklerine seredildi.
Türkmen tarapynyň «Mir» DTRK-a köpmillionly auditoriýasy bolan döwletleriň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýän öňdebaryjy we abraýly teleradiokompaniýa hökmünde seredýändigi nygtaldy.