10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ХII jildiniň tanyşdyryş dabarasy boldy.
Milli Liderimiziň galamyndan çykan we Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsi, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgeleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze ylmy işi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp sowgat boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli ylmy işiniň nobatdaky jildi hem ozalky jiltleri ýaly köpçülikleýin nusgadyr. Diýarymyzyň ajaýyp ýerleriniň owadan suratlary, ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi we dermanlyk serişdeleri ýygnamagyň senenamasy kitabyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.