Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde,
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar»,
hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar
bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan
döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara
derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde
netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.
Ministrler
Kabinetiniň birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp, 5-nji iýulda geçirilen
giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz dürli edaralaryň, şol sanda Daşary işler
ministrliginiň öňünde geljek döwür üçin anyk wezipeleri goýup, halkara gün
tertibiniň möhüm meseleleri boýunça BMG, ÝHHG, ÝB, ŞHG, GDA we beýleki abraýly
guramalar bilen özara gatnaşyklaryň işjeň häsiýetini belledi. Şolar energetika,
suw, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekden, ulag düzümini kemala getirmekden,
bilim hem-de medeniýet ulgamlaryny ösdürmekden, adam hukuklaryny we
azatlyklaryny berjaý etmekden, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakdan
ybaratdyr.