milli goshun logo
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirildi
30.04.2020 418 Habarlar

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirilip, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary, şeýle hem okgunly ösýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, daşky gurşawy goramak we oba hojalygy ulgamynda gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň çäklerinde uzak möhletleýin taslamalaryň birnäçesi, şol sanda «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa: daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi» taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Şeýle hem daşky gurşawa oýlanyşykly hem-de aýawly garamak, ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine umumy ekologiýa meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalarynda Türkmenistanyň barha artýan orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşyl Merkezi Aziýa» başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistanyň tekliplerini öňe sürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.