21-nji awgustda Nur-Soltan şäherinde
«C5+1» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk
ykdysadyýet, ekologiýa we howpsuzlyk ýaly ulgamlarda Merkezi Aziýanyň bäş
ýurdunyň we ABŞ-nyň arasyndaky özara hereketleriň köptaraplaýyn guraly bolup
durýandyr. Nobatdaky duşuşyga Merkezi Aziýanyň (Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň,
Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň) daşary syýasat edaralarynyň
ýolbaşçylary we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary
Dewid Heýl gatnaşýarlar.
Duşuşygyň gün
tertibinde – sebitde ykdysady howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň saklanylmagy,
Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy, Merkezi Aziýada howpsuzlygyň üpjün
edilmegi ýaly sebit üçin derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy we
seredilmegi bardyr. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem «C5+1» formatyndaky
syýasy-diplomatik özarahereketleriň maksadalaýyklygyny aýratyn belläp geçdiler
we tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşini, durnuklylygyny we
asudalygyny üpjün etmek we ony hemmetaraplaýyn ýola goýmak üçin
mümkinçilikleriň ählisine seredip geçdiler.
Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart
Tokaýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gazak
gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we ähli ugurlar
boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň
zerurlygyny nygtadylar. Gazagystanyň Prezidenti Hazaryň türkmen kenarynda
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen
geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejesini belläp geçdi.
Şunlukda bu Forumyň hazar sebitinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň
ösdürilmegine kuwwatly itergi berendigi aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň
Daşary işler ministri Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri
Beýbut Atamkulow, şeýle hem ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler
boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen duşuşyk geçirdi.