19-njy awgustda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikler Türkmenistanyň hem-de BAE-nyň söwda-ykdysady pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyldy.
Duşuşykda söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça has wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da eksport we import mümkinçiliklerini mundan beýläk hem artdyrmaklyk teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Birleşen Arap Emirliklerine türkmen dokma we haly önümleriniň, şeýle hem türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen azyk önümleriniň eksport edilmegi bilen bagly meselelere seredip geçdiler.