Düýn – 4-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň hasabaty diňlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy. Çykyş edenler oba hojalyk toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, himiýa senagatynyň ösdürilmegine gönükdirilýän döwlet goldawynyň, ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.