milli goshun logo
Türkmenistanly türgenleriň BAE-de geçirilen Ýörite Olimpiadada gazanan üstünlikleri
Türkmenistanly türgenleriň BAE-de geçirilen Ýörite Olimpiadada gazanan üstünlikleri
26.03.2019 1188 Sport

Abu-Dabide (Birleşen Arap Emirlikleri) geçen 2019-njy ýylyň Ýörite Olimpiadasynyň Bütindünýä tomusky oýunlarynda biziň türgenlerimiz ýokary sylaglaryň ýedisini — üç altyn, iki kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular.

Tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atletika, badminton, gimnastika, ýüzmek hem-de dzýudo boýunça ýaryşlara gatnaşan milli ýygyndy toparymyzyň hatarynda 15 türgen çykyş etdi.

Çeper gimnastika boýunça Enebaý Semendirowa we Mähri Myratnazarowa ýokary hormat münberine çykmagy başardylar.

Enebaý pökgüli we towsulýan ýüpli maşklary ýerine ýetirip, jemi dört medala — iki altyn, şeýle hem görkezme çykyşlarda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldy.

Mähri Myratnazarowa hem pökgüli maşklary ýerine ýetirip, öz toparçasynda öňe saýlanyp, ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň sylaglarynyň üstüni altyn medal bilen ýetirdi.

Umyt Amandurdyýew badminton boýunça we Roman Omarow tennis boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna kümüş we bürünç medallary getirdiler.

170 ýurtdan sekiz müňe golaý türgen gatnaşan bu ýaryşlar diňe bir örän iri sport wakasy bolman, saglyk mümkinçilikleri çäkli adamlaryň jemgyýetde uýgunlaşmagyna gönükdirilen giň gerimli ynsanperwerlik çäresidir. Ýörite olimpiadalaryň esasy wezipesi sportuň ýeňşe, täze belentliklere höwes edýän ähli adamlar üçin, olaryň ýaşyna hem-de saglyk ýagdaýyna garamazdan, elýeterlidigini tassyklamakdyr.