Türkmenistanly
tennisçi gyzlar şu ýyl Singapurda 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň (U12) arasynda
geçirilýän tennis boýunça toparlaýyn Aziýa çempionatynda ilkinji gezek çykyş
ederler. Ildeşlerimiz Özbegistanyň Fergana şäherinde geçirilen 12 ýaşa çenli
oglanlaryň we gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda
şeýle ajaýyp üstünlige ýetdiler. Onda ýaryşyň soňky tapgyryna gatnaşmaga hukuk
berýän iki orun ugrunda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we
Türkmenistanyň toparlary bäsleşdiler.
Birinji tapgyrda öz meýdançasynda oýnan Özbegistanyň
ýygyndy toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, kümüş medal eýelemäge we Aziýa
çempionatynyň final tapgyryna çykmaga golaý baran gyzlarymyz şeýle ýagdaýa
sebäp boldular. Olara arzuwyň hasyl bolmagy üçin soňky tapgyrda Gyrgyzystanyň toparyny
ýeňmek, Özbegistanyň toparynyň bolsa Gazagystanyň tennisçilerinden hökmany
ýeňilmegi gerekdi.
Garaşylyşy ýaly, onda Gazagystanyň wekilleri
özbegistanly garşydaşlaryny 2:1 hasabynda utup, altyn medal gazandylar. Diňe
şondan soň bolsa ikinji ýeriň ykbalynyň toparymyzyň elindedigi belli boldy.
Şeýlelik
bilen, Türkmenistanyň tennisçi gyzlary ilkinji gezek kümüş medala eýe boldular
we Aziýa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanyp, saýlama
oýunlarda öňbaşçy hasaplanylan Özbegistanyň toparyndan öňe geçdiler.
Finala çykan gyzlarymyzyň üçüsi hem bu ýaryşda gyzlar toparynyň kapitany wezipesini ýerine ýetiren Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda türgenleşýärler.