Türkmen
hünärmeni Mergen Orazow Litwanyň “Daýnawa” futbol klubynyň baş tälimçisi
hökmünde bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.
Orazowyň
ýewropa klubyna geçmekligi bu onuň hünär ösüşiniň täze tapgyrydyr. Tälimçiniň
öňünde topara milli birinjilikde orunlaryny berkitmäge ýardam etmek wezipesi
dur. Geçen möwsüm Ýewropanyň kuboklaryna gatnaşmaga dalaş eden “Daýnawa”
häzirki wagtda aňsat bolmadyk ýaryş ýagdaýdadyr. Ol 16 tapgyrdan soň, dört utuk
bilen iň soňky ýeri eýeleýär. Möwsümiň ahyryna çenli 11 duşuşyk galdy. Onda
bolsa litwa kluby oňaýly üýtgemelere garaşýar.
Mergen
Orazow öňki profesional futzalçy bolup, öz hünär ýoluna “Altyn Asyr” futbol
klubynda kömekçi hökmünde başlady. Soňra ol “Köpetdag” we “Ahal” toparlaryna
ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Ahal” Türkmenistanyň çempiony boldy
hem-de ýurdumyzyň Kubogynyň we Superkubogynyň eýesi boldy. 2023-nji ýylda
Orazow Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk edip başlady. Şeýle
hem, ol Ispaniýanyň “Wilýarreal” akademiýasynda we Portugaliýanyň milli
ýygyndysynda taýýarlyk geçdi.