Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de ýurduň welaýat merkezlerinde
ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip
başlandy. Bu barada TDH habar berdi.
Mekdebi tamamlan uçurymlar üçin ýokary we orta hünär okuw
mekdepleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite gepleşikler
taýýarlanylyp, makalalar çap edildi. Şeýle hem bilim edaralarynda «Açyk
gapylar» günleri geçirildi.
Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta hünär okuw
mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, täze hünärleriň
açylmagy, hünär bilimi ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda täze anyk ädimler
bolar.
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryny 30-njy
iýul — 25-nji awgust aralygynda geçirmegiň bellenilendigini hem nygtamak gerek.