milli goshun logo
Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy
Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy
09.07.2019 539 Habarlar

8-nji iýulda ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek başlandy.

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekip, 2019-njy ýylda welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Şol resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 8-nji iýul — 17-nji awgust aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny şolaryň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.