21-nji maýda
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС
— 2019) öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň
ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça
geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy «Türkmengaz» döwlet konserni gurady.
Ençeme
ýyllaryň dowamynda kongres dünýäniň gaz senagatynyň ýagdaýyny hem-de geljekki
ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy çäre bolup hyzmat edýär. Bu iri
möçberli çäräniň ýokary derejesini we abraýyny TGС — 2019-yň häzirki ýubileý
forumy hem doly derejede tassyklaýar. Foruma dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, Hytaýdan,
Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan,
GDA döwletlerinden we beýlekilerden wekilleriň 450-ä golaýy geldiler. Olaryň
hatarynda iri nebitgaz, hyzmat ediş hem-de maslahat beriş kompaniýalaryň esasy
menejerleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara
guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
«Gaz —
geljegiň ýangyjy» diýen at bilen «Berkarar» myhmanhanasynda geçen umumy
mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin
bölümleriniň wekilleri hyzmatdaşlary energetiki strategiýanyň möhüm ugurlary,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň gaz senagatyny
ösdürmekdäki geljegi uly meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar.
22-nji maýda X Halkara gaz kongresi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiriler.