Türkmen döwlet
neşirýat gullugy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we umumy bilim berýän orta mekdepleri
üçin täze okuw kitaplaryny çap etdi.
“Arap diliniň fonetikasy” okuw kitaby ýokary hünär derejeli dilçileri we
terjimeçileri taýýarlamak, Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny
kämilleşdirmek, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap usulyýetleri we
tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, bilim berlişiniň mazmunyny baýlaşdyrmak
boýunça ylym we bilim ulgamynda ileri tutulýan wezipelere laýyklykda
taýýarlanyldy.
G.Gurbannazarowanyň täze
kitaby ýokary okuw mekdeplerde arap dilini öwrenýän talyplara hem-de gyzyklanma
bildirýän ähli okyjylara niýetlenilendir. Bu okuw kitaby arap diliniň häzirki
zaman fonetika kadalaryny we aýratynlyklaryny has çuňňur öwrenmek maksady bilen
okuw maksatnamasynyň esasynda taýýarlanyldy.
Kitap taýýarlanylanda awtor
tarapyndan türkmen we daşary ýurtly dilçileriniň, alymlarynyň arap diliniň
fonetikasyna bagyşlanylan dürli işleri ulanyldy. Kitapda dil hakynda gymmatly
maglumatlar, düzgünler, tekstler hem-de türgenleşme mysallary
jemlenilipdir.
“Maglumat-kommunikasiýa we
innowasion tehnologiýalar” okuw kitaby awtorlar M.Çüriýew, D.Çaryýewa, M.Annaýew tarapyndan
ýurduň rus diline ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän orta mekdepleriniň XII
synplary üçin taýýarlanyldy.
Kitabyň mazmunynda “Habarlar
we maglumat işi”, “Kompýuter maglumat tehnologiýalary”, “Kommunikasiýa tehnologiýalary”,
“Maglumat howpsuzlygy”, “Innowasion tehnologiýalar” diýen bölümler
boýunça toparlara bölünen işler yzygiderli beýan edilipdir.
Okuw kitabynda maglumat
ulgamlarynyň we tehnologiýalarynyň esasy düşünjelerine we ýerine ýetirýän
wezipesiniň ähmiýetine, kommunikasiýa torlaryny gurmagyň esasy ýörelgelerine,
dürli simsiz tehnologiýalaryň iş usullaryna garalypdyr. Bu kitabyň kömegi bilen
okuwçylar kompýuter we sanly tehnologiýalary howpsuz ulanmak, kiberhüjümleri
tanap bilmek, ýüze çykarmak we olaryň öňüni almak boýunça ilkibaşlangyç
çäreleri görmek başarnyklaryny ele alyp bilerler.
Alnan bilimleri barlamak üçin
kitapda ýerleşdirilen sowallar hem-de amaly işler okuwçylara öwrenilenleri
berkitmäge we temalara degişli düşünjeleri giňeltmäge kömek eder.