31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi.
Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň milli synçylar boýunça wekilleriniň habarlary diňlenildi. Şeýle hem raýat toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň barşyna syn etmegi bilen bagly geçirilen işler barada habar berildi.