3-nji aprelda
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň
mejlisi geçirildi, onda saýlaw okruglarynyň üçüsi boýunça möhletinden öň çykyp
giden Mejlisiň deputatlarynyň, şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk
maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçirilen saýlawlaryň jemleri
jemlendi.
Möhletinden öň
çykyp giden deputatlaryň ornuna Daşoguz welaýatynyň 54-nji «Baýdak» saýlaw
okrugy boýunça Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa; Mary welaýatynyň 106-njy «Wekil»
saýlaw okrugy boýunça Ata Öweznepesowiç Serdarow; 109-njy «Sakarçäge» saýlaw
okrugy boýunça Mekan Çaryýewiç Gurbanow saýlandylar. Merkezi saýlaw toparynyň
mejlisiniň barşynda milli parlamentiň saýlanylan deputatlaryna şahadatnamalar
gowşuryldy. Şol pursatdan başlap, olar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy
edarasynda halkyň doly hukukly wekilleri bolup durýarlar.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde başga-da birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.