milli goshun logo
Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy
Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy
19.04.2019 503 Habarlar

2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Aşgabatda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Saud Arabystanynyň Media ministrligi tarapyndan gurnaldy.

Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynyň barşynda çykyş eden Saud Arabystanynyň wekiliýetiniň agzalary bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boljakdygyny belläp geçdiler. Çäräniň açylan gününde myhmanlara Saud Arabystanynyň sungat ussatlarynyň konserti görkezildi, onuň maksatnamasyna folklor saz gurallary hem-de wokal toparlarynyň çykyşlary girizildi we olar halk sazlaryny we şygyrly aýdymlary ýerine ýetirdiler.