23-nji aprelde Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly Ilçisi Kasim Mohamad Salim Al-Salhini (oturýan ýeri Ankara ş.)
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Parlamentiň Başlygy Oman
Soltanlygynyň ygtyýarlandyrylan wekilini ýokary diplomatik wezipesine
bellenmegi bilen gutlady, Türkmenistanyň we Omanyň arasynda dostlugy
pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikirleri alyşdylar hem-de Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge taýýarlyklaryny nygtadylar.