Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fernando Walderram Parehden ynanç hatyny kabul
etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan
jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň hem-de Ispaniýanyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek
işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi öz nobatynda mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyza, ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli
salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Doly ygtyýarly wekil Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine uly
gyzyklanma bildirip, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köptaraplaýyn
mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Ulag ulgamy, suwdan peýdalanmak hem-de
energetika ulgamlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, syýahatçylyk, şeýle
hem ylym-bilim ulgamynda geljekki gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň
arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.