10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow
söwda pudagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bölek söwdada harytlary sanly
ulgamyň üsti bilen satmagy düzgünleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada
hasabat berdi.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleri amala
aşyrmak hem-de ilata edilýän söwda hyzmatlaryny döwrebap derejede
kämilleşdirmek, şol sanda internet-dükanlarynyň işini ýola goýmak arkaly
«Harytlary uzaklykdan satmagyň Düzgünleriniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Bu taslama Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda,
degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşykly
işlenip taýýarlanyldy.
Bölek söwda ulgamynda internet-dükanlaryň hereket etmegi ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply bazar gatnaşyklaryny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirer.