10-njy noýabrda
ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň
zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly
alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.
«Türkmenistan
— rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçylary «ak
altynyň» 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnap, öz üstüne alan
borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gallaçylarymyz hem Watan harmanyna 1
million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, borçnamany abraý bilen ýerine
ýetirdiler. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip
ýetişdirdiler.
Şanly waka mynasybetli
däp boýunça paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda hasyl ussatlaryny sarpalamak, dürli
medeni-köpçülik we sport çäreleri, ýörite maslahatlar hem-de sergiler geçirildi,
bereketli saçaklar giňden ýazyldy.