13-nji
noýabrda paýtagtymyzdaky
«Mekan» köşgünde ýurdumyzda giňden bellenilýän hem-de ekerançylaryň tutanýerli
zähmetine, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla bolan ählihalk
buýsanjyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi.
Halkyň
Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýyl oba zähmetkeşleriniň uly
üstünliklerine beslendi. Ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnaldy. Türkmen
gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny
üstünlikli berjaý edip, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar 1 million 500
müň tonna golaý bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Gök, miwe we bakja
önümleriniň hem bol hasyly ýygnalyp alyndy. Hasyl toýunyň öň ýanynda Balkan
welaýatynyň pagtaçylary «ak altyn», Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa şaly
ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Ýylyň
başyndan bäri obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterime deň boldy. Gök önümleri
öndürmek boýunça meýilnama 118 göterim, bakja ekinleri boýunça 110,1 göterim,
çörek we çörek önümleri boýunça meýilnama 105,3 göterim berjaý edildi.