5-nji noýabrda
Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň
ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we onuň
çäklerinde ylmy maslahat öz işine başlady.
Şu ýyl foruma
dünýäniň 16 döwletinden metbugat öýleriniň we neşirýat kärhanalarynyň, işewür
hem-de edebi toparlaryň, ylym we bilim merkezleriniň wekilleri, belli
ýazyjylar, alymlar, terjimeçiler, kitaphana işi, IT-tehnologiýalar boýunça
hünärmenler, žurnalistler gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Awstriýa, Azerbaýjan,
Belarus, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Koreýa Respublikasy, Moldowa,
Pakistan, Polşa, Russiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Ukraina,
Fransiýa döwletlerinden wekiller bar.
Sergi-ýarmarkada
iri daşary ýurt okuw mekdepleriniň — Moskwanyň politehniki uniwersitetiniň,
Maşadyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Pekin döwlet uniwersitetiniň, Kiýewiň Boris
Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň, Stambul uniwersitetiniň diwarlyklary
ýerleşdirildi.
Türkmenistandan
sergä edara-kärhanalaryň 58-siniň, ýokary okuw mekdepleriň hem-de ylmy
institutlaryň, kitaphanalaryň we muzeýleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleri bar. Iri döwlet kärhanalary, şeýle hem hususy çaphanalar ýurdumyzyň
neşirýat senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, dürli neşir önümleriniň
giň toplumyny görkezdiler.
6-njy noýabrda
«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap
sergi-ýarmarkasynyň hem-de ylmy-maslahatyň ýapylyş dabarasynda sergä gatnaşyjylara,
şeýle hem onuň çäklerinde geçirilen «Ýylyň iň gowy kitaby», «Ýylyň iň gowy okuw
kitaby», «Ylmy-köpçülikleýin we çeper neşirler», «Çagalar kitaplary», «Poligrafiýa
taýdan iň gowy çap edilen kitap», «Iň gowy neşir bezegi» diýen ugurlar boýunça bäsleşikleriň
ýeňijilerine diplomlar gowşurylar.